FINLÝANDIÝANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Finlýandiýanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) ýanyndaky hemişelik wekili Wesa Hakkineniň arasynda duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy, şu nukdaýnazardan, energetika howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça Gurama bilen hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini belledi. ÝHHG-niň institutlary, ýagny, Parlament Assambleýasy, ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasy, Guramanyň demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosy we ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ikitaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit düzümleriň çäklerinde ilerledilmeginiň ugurlary beýan edildi.