TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE WENANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇRILDI
2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Wenanyň wekilçilikli toparynyň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlementiniň agzasy Omar Al-Rawi, şeýle hem Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlary 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena balynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem şu gün “Galkynyş” Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň geçiriljekdigi bellenildi.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada hem nygtaldy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylýandygyny hem-de bu ugurda iki ýurduň işewür toparlarynyň üstünlikli hyzmatdaşlygyny bellediler.
Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegi, şeýle hem “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlary ýaly bilelikdäki çäreler arkaly medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary has hem giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şu aýyň ortasynda Wenada geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti iki ýurduň arasyndaky medeni dialogynda ýene-de bir möhüm waka bolar.