Wena şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.

Bu çärä Awstriýa Respublikasynyň hökümetiniň wekilleri, parlamentiniň deputatlary, daşary ýurt ilçihanalaryň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri we Awstriýa Respublikasynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Konserdiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat işgärleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen türkmen kompozitorlarynyň aýdymlary ýerine ýetirildi.