TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ “MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI” MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY BARADA

22-23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Lýuksemburgda iş saparynda bolýar.

Çärä «5+27» formatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleri gatnaşýar. Duşuşygyň maksady sebitde özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamalary beýan etmekden, şeýle hem ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri babatynda pikir alyşmakdan ybarat.  

Türkmenistanyň DIM-niň baştutanynyň iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar göz öňünde tutulan.