AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ WE ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Onda sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm temalary boýunça düýpli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag aragatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berdiler.

Duşuşykda çykyş eden ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bu forumyň ýokarda agzalan ölçegleriň her biri boýunça sebitdäki möhüm meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we degişli halkara düzümleriniň bilelikdäki işleriniň zerurlygy nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we wezipeleri barada pikir alyşdylar, Merkezi Aziýa döwletleriniň hersiniň bu ugurlarda ädýän ädimlerini beýan etdiler, şeýle hem sebiti howpsuzlyk we durnuklylyk bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm pikirleri we teklipleri öňe sürdüler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda ygtybarly serhet howpsuzlygynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy saklamak üçin esas bolup durýandygyny belledi.

Howanyň üýtgemegi we ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda özara hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki çäreleri amala aşyrmagyň zerurlygy barada umumy pikiri beýan etdiler.

Türkmen tarapy, ekologiýa howpsuzlygynyň döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny, ilkinji nobatda, daşky gurşawy we suw serişdelerini rejeli dolandyrmak boýunça taslamalaýyn çärelerine degişlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow türkmen tarapynyň ÝHHG-niň bitewi daşky gurşaw maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmek baradaky teklibiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, mejlise gatnaşyjylary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy.

Şeýle hem ministr duşuşyga gatnaşyjylary ýöriteleşdirilen gurluş bolup durýan Sebitiň howa tehnologiýalary merkezi döretmek baradaky Türkmenistanyň pikirini goldamaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalary boýunça ÝHHG-niň forumyny geçirmek teklip edildi.

Şeýle hem, Türkmenistan ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşky gurşawy goramak ministrleri bilen yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýul aýynda Howa maslahatynyň çäginde geçirilen ilkinji duşuşyk bu formatyň öz wagtyndalygyny we gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu formatyň nobatdaky duşuşygyny 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Gün tertibindäki ýene bir möhüm mesele, ählumumy ösüşiň esasy ugrunda - durnukly ulagda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolup durýar. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda jebisleşdirilen hereketler üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler, ilkinji nobatda, bu Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meselelerine degişlidir.

Türkmen tarapy, gatnaşyjylaryň ünsüni şu ýylyň sentýabr aýynda Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynda öňe sürlen Merkezi Aziýanyň ulag we logistika platformasyny döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn ünsi çekdi. Bu platforma ugurlary we proseduralary ýeňilleşdirmäge, harytlaryň we ýolagçylaryň daşalmagyny çaltlaşdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, tutuş sebit üçin umyt döredýän bu pikiri durmuşa geçirmekde ÝHHG-niň mümkinçiliklerinden peýdalanmak teklip edilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebitde durnukly we howpsuz ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça işjeň hem-de netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.