Türkmenistan-UNODC hyzmatdaşlyk ugurlaryny işjeňleşdirýär
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Korrupsiýa garşy iş alyp barýan hukuk goraýjy edaralaryň Global tor ulgamyna, ýagny GlobE toruna türkmen tarapynyň goşulýandygy bellenildi we onuň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi.
Şeýle hem, BMG-niň Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy Konwensiýasynyň we onuň üç sany goşmaça teswirnamalarynyň hem-de BMG-niň korrupsiýa garşy Konwensiýasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişine we meýilleşdirilýän işlere üns berildi.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan bilen UNODC-iň arasynda degişli ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklar we öňde duran maksatlar barada özara pikir alşyldy.