Türkmenistan Stambuldaky ÝHHG Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Serhet Gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

Stambul, 19 iýun 2025 ý.Döwlet Serhet Gullugynyň başlygyň orunbasary podpolkownik Babamyrat Ýagşymowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, 18–19 iýun aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna üstünlikli gatnaşdy.

Forumda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ÝHHG-niň we gatnaşyjy döwletleriň ýokary derejeli wekilleri serhetleriň howpsuzlyk meselelerini, sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de tebigy we tehnogen betbagtçylyklara taýýarlyk çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Bitaraplygyň, parahatçylykly dialogyň we sebitleýin durnuklylygyň ähmiýetini tassyklap, serhetleriň parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde görülmelidigini nygtady. Şeýle hem, ÝHHG-niň başlangyçlaryna goldaw bildirildi we Aşgabaddaky ÝHHG Merkezi bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellendi.

Forum Stambulyň halkara howa menziline edilen tehniki sapar bilen tamamlandy. Saparyň dowamynda döwrebap serhet infrastrukturasy we edaralarara utgaşyklylyk boýunça tejribeler tanyşdyryldy.

Türkmenistan halkara ölçeglere laýyklykda serhet dolandyryşyny kämilleşdirmäge, ynanyşmagy berkitmäge we dialogy ösdürmäge goşant goşmaga taýardygyny beýan etdi.