img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa» hem-de «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa» goşuldy

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa» hem-de «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa» Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky Güwänamalaryň asyl nusgalaryny Halkara Atom Energiýasy Agentligine (IAEA) gowşurmak dabarasy geçirildi.

Güwänamalar IAEA-iň Baş direktory jenap Rafael Grossä bu Agentligiň Wena şäherinde ýerleşýän baş binasynda gowşuruldy we onuň çäklerinde Türkmenistan bilen IAEA-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary barada özara pikir alşyldy.

Ýokarda agzalan konwensiýalara goşulmak baradaky güwänamalar gowşurulandan 30 gün soň bu resminamalar Türkmenistan üçin güje girýär.