ÝHHG-NIŇ AŞGABATDA GEÇIREN MASLAHATY JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA GARŞY GÖREŞ ÇYGRYNDA TEJRIBE ALYŞMAGA ÝARDAM BERÝÄR

Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan we 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinde öz işini tamamlan maslahatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, korrupsiýanyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň görkezijileri we pudagara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki günläp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, maliýe edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň, rieltorçylyk we audit kompaniýalarynyň hünärmenleri  - jemi 35 adam gatnaşdy.

Latwiýadan we Polşadan gelen bilermenler jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, korrupsiýa we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi çygrynda normatiw-hukuk gözegçiligi kadalarynyň halkara ülňüleri barada gürrüň berdiler. Olar öz çykyşlarynda içki resminamalaryň hereket edýän kanunçylyga laýyklykda işlenilip düzülmegine, wehimleriň dolandyrylmagyna we içerki gözegçiligi amala aşyrmak usullaryna goşa gözegçilik ulgamyna we ýöriteleşdirilen programmalaýyn üpjünçiligine aýratyn üns berdiler.

 «Korrupsiýa, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş munuň özi ileri tutulýan syýasy wezipedir. Bu wezipe degişli hukuk esaslaryny, ýeterlik maliýe, işgär we guramaçylyk serişdelerini hem-de gerekli gurallary talap edýär», diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany, Ilçi Natalýa Drozd aýtdy.

Maslahatyň bu ugurdaky döwlet dolandyrylşynyň prinsiplerini ulanmakda milli tejribeleri we öňdebaryjy halkara amallaryny alyşmak boýunça işjeň meýadança bolup hyzmat etdi, diýip Ilçi Drozd sözüni dowam etdi.

Maslahatyň çäklerinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly şübheli amallaryň häzirki zaman belliklerine aýratyn üns berildi. Amaly okuwlaryň barşynda oňa gatnaşyjylar iş tejribesiniň mysallarynda şübheli amallary ýüze çykarmak bilen bagly meseleler boýunça türgenleşdiler.