Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. 

M.Şinas Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň öňde duran gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Döwlet Baştutany sebit derejesinde “Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary” (SECCA), “Merkezi Aziýada oýlap tapyjy ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamalaryň, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek Maksatnamasynyň (BOMCA-10), Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak Maksatnamasynyň (CADAP) üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen hatarda, häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynda — nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk, aragatnaşyk, kommunikasiýa ugurlarynda iş alyp barýandygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda esasy ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekildi. Bu forumy şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Brýussel şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Ulag-logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde geljegi uly ugurlaryň biridigini nygtaldy we ýurdumyzyň forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny bellenildi. Forumyň netijeleriniň Hazarüsti ulag geçelgesiniň Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän multimodal, häzirki zaman, durnukly we tiz ugra öwrülmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti M.Şinas ýurdumyz bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşiginiň täzeçil çemeleşmeleriniň bilelikdäki işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.