Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.  

Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy hem-de 2024-nji ýylda öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek babatda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde duran wezipeleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň kanunçylygy milli tejribeleri, şeýle hem halkara hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.

Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda çykyş edenler raýatlaryň kanuny bähbitlerini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goramagyň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny”, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyny” durmuşa geçirmek ugrunda toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalary bilen bilelikde maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar. Degişlilik-de, geçen ýyl halkara guramalary bilen bilelikde netijeli işler ýerine ýetirildi, anyk netijeler gazanyldy.

Mejlisiň çäklerinde bu düzümiň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna garaldy hem-de meýilleşdirilen çäreleri anyk durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlendi. Pudagara toparynyň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, “Halkara ynsanperwer hukugynyň (HYH) ornaşdyrylmagy babatyndaky 2024-2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň” taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin maksatnamasynda adam hukuklaryny üpjün etmegiň we raýat jemgyýetini ösdürmegiň wajyp şerti hökmünde adam maýasynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, maslahatyň gün tertibinde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň - Adalatçynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň ugurlary, hususan-da Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.     

Maslahatyň dowamynda döwlet edaralarynyň adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek çygryndaky işlerini kämilleşdirilmegiň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna we durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň netijesinde ilatyň intellektual ukyplaryny amala aşyrmak üçin döwrebap mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Pudagara topar milli kanunçylyk binýadyny halkara hukugynyň kadalary bilen utgaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe geçirilen çäreler hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegine gönükdirildi.

Şeýle hem, Pudagara toparyň esasy wezipeleriniň hatarynda Milli hasabatlary taýýarlamak we olary Birleşen Milletler Guramasynyň komitetlerine ibermek ýaly işler bar. Çykyşlarda bellenilşi ýaly, seredilýän döwür üçin birnäçe konwensiýalary ýerine ýetirmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Milli hasabatlar üçin teklipler taýýarlanyldy. Şunda Türkmenistanyň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy babatda gazananlaryna üns berildi.    

Pikir alyşmalaryň çäklerinde nygtalşy ýaly, Pudagara topar ileri tutulýan wezipeler bilen bir hatarda, ilatyň hukuk bilimliligini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselelerine uly üns berdi.      

Toparyň Iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bellenilişi ýaly, adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribelerini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.   

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi.