Arkadag şäheri we UNIDO hyzmatdaşlygy maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bilen Birleşen Milletleriň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary, Tehniki hyzmatdaşlyk we durnukly senagat ösüşi boýunça Dolandyryjy direkrory jenap Zou Ciyongyň arasynda duşuşyk geçdi.

Taraplar duşuşygyň barşynda Arkadag akylly şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri, öňde duran maksatlary we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuyk 2024-nji ýylyň 12-14-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde gurnalan Bütindünýä Hökümet Sammitiniň çäklerinde geçirildi.