AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe girizilmegi geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan gurnaldy. Çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Kontrterroristik müdirliginiň Başlygy Wladimir Woronkow, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Ýolbaşçysy Natalýa German, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem BMG-niň degişli düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlary 2010-2017 ýyllary döwründe amala aşyryldy we 2011-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda kabul edilen we öz görnüşinde ilkinji bolan, Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça teklipleri düzmek üçin Global strategiýasynyň esasy dört sany ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyş edildi.

Geljekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň we BMG-niň Kontrterroristik Merkeziniň «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly bilelikdäki sebitleýin kontrterroristik başlangyjynyň täze tapgyryny strategiki esasda geljekde terrorçylygy garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmi ýok etmek çygrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilmegine garaşylýar.

Mejlisde çykyş etmek bilen j-p Woronkow esasy çäreleriniň terrorçylyga garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak, Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynda berkidilen geljekde öňdebaryjy ugurlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini berkitmek we sebitde hem-de sebitiň daşynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmaga ýardam etmek boýunça milli we sebitleýin strategiýalaryny işläp taýýarlamakda maksada gönükdirilen goldawy amala aşyrmagy öz içine aljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedow öz çykyşynda  BMG-niň Kontrterroristik strategiýasynyň Aşgabat iş meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mundan beýläk hem Türkmenistanyň BMG-niň Kontrterroristik merkezini hyzmatdaşlyga çagyrmaga taýyndygyny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa üçin Sebit merkezini ulanmak bilen bu ugurda anyk teklipler bilen çykyş etdi. 

Öz gezeginde h-m German sebitleýin we öňüni alyş diplomatiýasynyň ulgamynda öz mandatyna laýyklykda, BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkezi bu başlangyjy bilelikde durmuşa geçirmegi amala aşyrjakdygyny we Merkezi Aziýada bu ugurda hereket etýän beýleki sebitleýin hyzmatdaşlar bilen bilelikde zorlukly ekstrimizmi ýok etmek we terrorizm bilen göreşmek ulgamynda sebitleýin we serhetýaka hyzmatdaşlygyna ýardam etjekdigini belläp geçdi.

Forumyň netijesi boýunça BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýokary derejeli mejlisiň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Aşgabatda akkreditirlenen daşary ýurt habarçylary we we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi.