Türkmen-Awstriýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Ilçisi jenap Hemra Amannazarow bilen Awstriýanyň Federal Ykdysady Edarasynyň (WKÖ) Baş direktory Karlhaýns Kopfyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleri, öňde duran maksatlary we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk Awstriýanyň Federal Ykdysady Edarasynyň baş edara binasynda geçdi.