Awstriýanyň Wena şäherinde Halkara Nowruz baýramy bellenildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 13-nji martynda Wena şäheriniň Milli Kitaphanasynyň binasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ilçihanalary we “Society” žurnalynyň redaksiýasy bilelikde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp medeni çäre guramaçylykly geçirildi.

Bu çäräniň çäklerinde aýdym-sazly konsertler, sergiler hem-de milli tagamlaryň sergisi guraldy. Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sergi pawelýonynda elde dokalan halylar, milli şaý-sepler, milli ýadygärlik sowgatlary ýerleşdirildi. Şol bir wagtyň özünde sergi meýdançasynda gurnalan türkmen halkynyň naýbaşy şahyry Magtymguly Pyragynyň surat şekili hem-de onuň kitaplary we goşgulary çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.Sergä gatnaşyjylarda beýik nusgawy türkmen şahyrynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgular ýygyndysy uly gyzyklanma döretdi.