Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Halkara Ýewropa okuw merkeziň (CIFE) duşuşygy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen Halkara Ýewropa okuw merkeziň (CIFE) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda CIFE-niň wekilleri merkeziň gurluşy, hünär ugurlary hem-de okamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem bu Halkara okuw merkeziň Master maksatnamasynyň mümkinçilikleri boýunça giňişleýin maglumatlar berildi.