Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen  ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Fara Kariminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde, şeýle hem ikitaraplaýyn we köparaplaýyn esasda döwletara dialogyň esasy şertleriniň biri hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşyldy.

M.Bäşimowa duşuşygyň dowamynda ÝHHG bilen däbe öwrülen gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Türkmenistanyň häzirki wagtda parlamentara dialogyň döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmagyň, döredijilikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy serişdeleriniň biri bolup durýandygyndan ugur alýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşi üpjün etmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýaşlar bilen işleşmek we «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy» platformasyny goldamak meselelerinde bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylamgynyň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar uzakmöhletli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, konstruktiw parlamentara gatnaşyklary berkitmäge we täze mazmun bilen doldurmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.