Press-reliz
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Bankynyň Müdirler Geňeşiniň Başlygy Awstriýanyň Wena şäherinde Halkara Ösüş üçin OPEC Gaznasy tarapyndan gurnalan üçünji ýyllyk Ösüş Forumyna gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde, 400-den gowrak delegatyň gatnaşmagynda, Halkara Ösüş üçin OPEC Gaznasynyň Prezidenti jenap Abdulhamid Alhalifa bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde Türkmenistanyň we OPEC Gaznasynyň arasyndaky köp ýyllara uzap gidýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň netijesinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesine laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Ösüş üçin OPEC Gaznasynyň arasynda "Ýurt bilen hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasy" baglaşyldy.
2024 – 2029 ýyllar aralygynda göz öňünde tutulan bu Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy, OPEC Gaznasy ýaly köpugurly ösüş maliýe institutlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Maksatnama, ulag, senagat, telekommunikasiýa, saglygy goraýyş, bank we maliýe hyzmatlary we beýleki ugurlarda öňdebaryjy taslamalary bahalandyrmak we maliýeleşdirmek; ýurduň ilkinji "akylly şäheri" Arkadag şäheriniň infrastrukturasyny, şeýle hem tehnoparklar, ylmy-barlag merkezleri, lukmançylyk merkezleri we beýleki şäher infrastrukturalary ýaly ugurlar boýunça maliýe we tehniki goldaw (grantlar) bermek; kuwwaty ýokarlandyrmak, bilim we tehnologiýa geçmek boýunça tehniki kömek bermek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy öz içine alýar.