Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň ähmiýetini belläp geçmek bilen taraplar parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

BMG-niň esas goýujy halkara resminamalarynyň we konwensiýalarynyň, şeýle-de ýaragsyzlanmak çygrynda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistanyň sebit hem-de ählumumy derejede bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi bellenilip geçildi.

Taraplar Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy tarapyndan gurnalýan okuw sapaklaryna we maslahatlara milli hünärmenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de tehniki goldaw bermek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.