Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy
2024-nji ýylyň 7-nji awgustynda Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi.
Dabaraly çäreler başlanmazdan öň oňa gatnaşyjylar guralan sergini synladylar, ol ýerde milli sazyň owazy astynda ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen tanyşdylar.
Açylyş dabarasyna bagyşlanyp Wengriýanyň döwlet halk döredijiligi ansamblynyň we türkmen sungat ussatlarynyň uly gala konserti geçirildi.
Türkmenistanyň Wengriýadaky Ilçisi Hemra Amannazarow Wengriýanyň Miras öýünde öz ýurdunyň medeniýetini tanyşdyrmak mümkinçiligine buýsanç duýýandygyny beýan etdi we iki ýurduň arasyndaky medeni, ykdysady hem-de diplomatik gatnaşyklara ýokary baha berdi.
Wengriýanyň Medeniýet we innowasia ministrliginiň döwlet kolleksiýalary we medeni ösüş boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Mate Winse bu giň gerimli çäräniň iki halkyň özara ruhy taýdan baýlaşdyrylmagy üçin ähmiýetini nygtady. Winse medeni diplomatiýanyň birek-birege düşünmegi we umumy medeni kökleri öwrenmegi öz içine alýandygyny belledi.
Çäre Wengriýada her ýyl geçirilýän türk dilli halklaryň festiwaly Kurultaý bilen gabat gelýär hem-de Wengriýanyň we Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy agzalygyny görkezýär. Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde biziň ýurdumyzyň wekiliýeti 9-11-nji awgust aralygynda Bugaç şäherinde geçiriljek hun we türki halklaryň gadymy däp-dessurlarynyň goralyp saklanmagy we sähra çarwa medeniýetleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň baýramçylygy bolan gurultaý-festiwala gatnaşar.
Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça Döwlet sekretary Boglarka Illeş iki ýurduň arasyndaky medeni meňzeşlikleri belledi. Her ýyl ýigrimi sany türkmen ýaşlarynyň özara medeniýet alşygyny ösdürmge ýardam berýän Stipendium Hungaricum maksatnamasynyň çäklerinde wenger dilini öwrenmäge mümkinçilik gazanýandyklaryny nygtady. B.Illeşiň bellemegine görä «Bu çäre diliň diňe bir serişde hökmünde däl, eýsem goldaw hökmünde hyzmat edýän medeni aýratynlygy goramaga gönükdirilendir» diýip belledi.
Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri 11-nji awgusta çenli dowam eder.