Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Slowakiýa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Slowakiýanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky öňden gelýän özara hyzmatdaşlyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine hem-de türkmen-slowakiýa söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmek ugrunda zerur işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi.