PARLAMENTARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Parlamentara Birleşiginiň Baş Sekretary (PB) Martin Çungong bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Parlamentara Birleşiginiň işiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan PB-ni dürli döwletler hem-de PB-niň milli parlament wekiliýetleri bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän meýdança hökmünde garaýar diýip türkmen tarapy belläp geçdi. Şu jähtden 2017-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçen PB-niň 137-nji Assambleýasynyň çäklerindäki Dolandyryjy geňeşiň biragyzdan karary esasynda Türkmenistanyň              PB-niň agzalygyna kabul edilmegi biziň ýurdumyz üçin uly bir waka boldy diýip bellenilip geçildi.

Deputatlaryň maglumat üpjünçiligini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanda PB-niň deputatlar üçin tegelek stollaryny we tematiki hünär okuwlaryny, maslahatlaryny, parlamentleriň aýal spikerleriň sammitlerini, şeýle hem PB-niň beýleki uly çärelerini geçirmekligiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, taraplar demokratiýany öňe sürmek, adam hukuklary, parahatçylyk we howpsuzlyk, ylym we bilim ugurlary boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.