Türkmen wekiliýeti IACA-ň baş maslahatyna gatnaşdy

img
img
img
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Korrupsiýa garşy Halkara Akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar korrupsiýaň öňüni almak bilen bagly gazanylan tejribeleri, ýüze çykýan soraglary, öňde duran wezipeleri we bu halkara maslahatyň gün tertibine girizilen beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda IACA-nyň täze agzasy hökmünde bu Akademiýa bilen gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlyga ähmiýet berýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde BMG-niň korrupsiýa garşy konwensiýasynyň we beýleki köptaraplaýyn mehanizmleriň çäklerinde alnyp barylýan özara gatnaşyklara üns çekildi.

Bu mejlis BMG-niň Wena şäherindäki baş edarasynyň binasynda 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirildi we oňa IACA agza döwletleriň we hökümetara guramalaryň dürli derejeli wekilleri gatnaşdylar.