ANNOUNCEMENT

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-dan 15-i aralygynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk Halkara internet olimpiadasyny geçirýär we ähli isleg bildirýän talyplary bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
IV Açyk Halkara internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirilýär.
IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.
Bäsleşige islendik hünärde we islendik ýylda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler..
Olimpiadanyň şahsy bäsleşiginde her ýokary okuw mekdebinden sany 10-dan (ondan) köp bolmadyk talyp, toparlaýyn görnüşine düzümi 5 (bäş) talypdan köp bolmadyk 1 (bir) ýa-da 2 (iki) topar gatnaşyp biler. Birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň birleşmeginden hem bir ýygyndy topar düzülip bilner. Toparlaýyn hem-de şahsy bäsleşikleriň ýumuşlary bäsleşikleriň geçirilýän güni institutyň https://tdei.edu.tm/baslesik/28 web sahypasynyň ýörite bölümine goýular.
Bäsleşigiň geçiriliş tertibi:
- şahsy bäsleşige gatnaşyjylar 8 (sekiz) sany mesele çözerler (şol sanda, “Nazary mehanika” dersiniň “Statika” bölümine degişli 2 (iki) sany mesele, “Kinematika” bölümine degişli 2 (iki) sany mesele we “Dinamika” bölümine degişli 4 (dört) sany mesele). Meseleleri çözmäge beriljek wagt – 240 minut;
- toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylar “Nazary mehanika” dersiniň dürli bölümlerine degişli 5 (bäş) sany mesele çözerler. Meseleleri çözmäge beriljek wagt
- 60 minut;
- bäsleşigiň gidişine Google Meet ýa-da Zoom programmalary arkaly gözegçilik ediler.
Bäsleşigiň ýeňijileri şahsy we toparlaýyn görnüşde hasaba alnyp, meseleleriň dogry ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitleniler.
Dogry çözülen ýumuşlaryň göterim gatnaşygy esasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň sany kesgitleniler, ýagny hödürlenen ýumuşlaryň 50%-den köp bölegini dogry çözmegi başaranlar I derejeli, 30%-den – 50%-e çenli dogry çözmegi başaranlar II derejeli we 15%-den – 30%-e çenli dogry çözmegi başaranlar III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
“Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olaryň ýolbaşçy mugallymlary baradaky maglumatlary hasaba almaklyk institutyň https://tdei.edu.tm/baslesik/28 web sahypasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 5-ine çenli dowam edеr.
Habarlaşmak üçin:
Tel.: +800 522 5-75-02, +993 64 681023, +993 64 207444
e-mail: tdei@tdei.edu.tm, energetikatdei@gmail.сom mech3205tdei@gmail.com