Forum barada

photo

2025-nji ýyl Türkmenistanda  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi, bu bolsa ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmäge bolan maksadyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanda ilkinji gezek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly IFT 2025 halkara forumy geçiriler. 

IFT 2025 –  tejribe alyşmak, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin halkara jemgyýetçiligini bir ýere jemlemäge taýyn bütinleý täze taslamadyr. Bu çäre 18-nji martda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu möhüm waka sebitiň ählumumy bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, infrastruktura, ulag, logistika we tehnologiýa pudaklaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin iri kompaniýalaryň, maýa goýum gaznalarynyň öňdebaryjy wekillerini, bilermenleri we döwlet işgärlerini  özüne çeker.

Forumyň işewürlik maksatnamasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda hususy pudagyň maýa goýum mümkinçiliklerini açyp görkezer, bölümler boýunça guraljak maslahatlarda türkmen işewürliginiň başlangyçlaryny ilerletmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we taslamalary durmuşa geçirmek boýunça çemeleşmeleri kämilleşdirmäge gönükdirilen köp sanly möhüm meseleler barada durlup geçiler.