Türkmenistan we ÝHHG Parliament Assamblevasy hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

photo

ÝHHG Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň ÝHHG-däki Hemişelik wekili Ilçi Hemra Amannazarow bilen ÝHHG PA-nyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda parlament hyzmatdaşlygyny berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna aýratyn üns berildi. Bu taryhy senäniň ýurduň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerine esaslanýandygy, parahatçylyk dörediji başlangyçlaryny we sebitleýin durnuklylyga bolan ygrarlylygyny beýan edýändigi bellenildi. Taraplar sebit durnuklylygy, parlament diplomatiýasy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, halkara başlangyçlara işjeň gatnaşmagyň we konstruktiw dialogyň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem partnýorlygy ösdürmek, şol sanda ýokary derejeli geljekki çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara gatnaşygy berkitmek we bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin yzygiderli aragatnaşygyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşyk oňyn ýagdaýda geçdi, taraplar parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ÝHHG çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny tassykladylar.