Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi.
Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekili geldi.
Maslahatyň häzirki Başlygy hökmünde BMG-niň Baş sekretary ony açyk diýip yglan etdi we giriş sözi bilen çykyş etdi.
Soňra maslahaty geçirmegiň düzgünlerine laýyklykda, ses bermek arkaly Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahatyň Başlygy saýlanyldy.
BMG-niň Baş sekretary döwlet Baştutanymyzy maslahatyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady we prezidiumyň merkezinde ýörite bellenen ýere geçmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryndan agaçdan ýasalan çekiçjagazy kabul edip, özi üçin ýörite bellenen ýere geçdi.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy hökmünde çykyş etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy saýlanylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, hemmeleri bu foruma gatnaşýandyklary üçin Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlady hem-de minnetdarlyk bildirdi.
Soňra tassyklanan iş tertibine laýyklykda çykyşlar diňlenildi.
Ilki bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe söz berilýär. Ol ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna bildirilen myhmansöýerlik we şu möhüm maslahaty guramakda başlangyçly orny üçin hoşallygyny beýan etdi.
Antoniu Guterriş çykyşynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyna ünsi çekip, Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD-niň bu ugurdaky tagallalaryny goldaýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýanga söz berdi.
Ol Awazada geçirilýän şu maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belläp, Türkmenistanda mähirli kabul edilendigine ýokary baha berýändigini aýtdy. BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen garaýyşlaryň tutuş adamzadyň durmuşyny özgertmekde aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini belläp, Filemon Ýang 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibiniň soňky bäş ýylyna girişilendigini aýtdy hem-de oňa çenli galan döwürde şol maksatlara ýetmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdiriljekdigine ynandyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda Filemon Ýang maslahatyň ýokary derejede guralandygyny, onda netijeli çözgütleriň kabul edilýändigini, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygyna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, söz nobatyny BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) Başlygy Lok Bahadur Thapa geçirdi.
Lok Bahadur Thapa halkara maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurtda ýaşaýan jemi 570 milliondan gowrak adam üçin inklýuziw we durnukly ösüş babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygyna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler toparynyň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde çykyş etmek üçin Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewe söz berildi.
A.Kasymaliýew şu gün biz Hazaryň kenaryndaky Awazada diňe bir bilelikdäki işimiziň jemini jemlemek üçin däl, eýsem, has durnukly arabaglanyşygy üpjün etmek babatda bilelikdäki tagallalary bellemek üçin ýygnandyk. Şunuň bilen baglylykda, 2024 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere ählumumy ösüşe doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik berjek durnukly ösüş meýilnamasyny işläp taýýarlamaga ýardam eder diýip belledi.
Soňra BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji maslahatynyň geçirilen ýurdy bolan Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň döwlet sekretary Zepp Şellhorna söz berildi. Zepp Şellhorn hemmeleri mähirli mübärekläp, ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, şol sanda Awstriýanyň bähbidine edýän tagallalary üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima we onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň agzalaryna hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň döwlet sekretaryna minnetdarlyk bildirip, söz nobatyny BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima geçirdi.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň Baş sekretary hökmünde bu ýerde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, işe ygrarlylygy we bu möhüm maslahaty guramakda başlangyçly orny üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Şeýle hem Rabab Fatima öz çykyşynda infrastruktura, özara baglanyşyk, ykdysady özgertmeler we howanyň üýtgemegine durnuklylyk ýaly meselelere degip geçdi.
Giriş sözleri bilen çykyşlar tamamlanandan soňra, maslahaty alyp barmagyň tertibine laýyklykda, onuň düzgünleri we gün tertibi kabul edildi. Maslahatyň wezipeli wekilleri saýlanyldy hem-de beýleki guramaçylyk meselelerine seredildi.
Soňra maslahatyň umumy mejlisi öz işine başlady hem-de onuň dowamynda döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem wise-prezident derejesindäki wekiliýet ýolbaşçylary çykyş etdiler: Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Eswatininiň Patyşasy Mswati III, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammad Ýunus Menfi, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji plenar mejlisiniň tamamlanandygyny, maslahatyň öz işini günüň ikinji ýarymynda umumy çykyşlar bilen dowam etjekdigini aýtdy.
Günüň ikinji ýarymynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işini dowam etdi. Mejlisiň dowamynda Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi, Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Mohammed Jallow, Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga, Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja, Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Muhammad Reza Aref çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, üstaşyr ulag geçelgelerine maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary goşulan bahaly harytlaryň, hususan-da, innowasion önümleriň önümçilikleriniň giňeldilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleri bolup çykyş edýär.
6-njy awgustda maslahat öz işini dowam eder.