img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň mejlisi geçirildi

photo

5-nji oktýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa jemgyýetiň ýolbaşçysy Neda Berger, awstriýaly we türkmenistanly kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem sungat işgärleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibinden jemgyýetiň prezidentiniň, Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisiniň, jemgyýetiň baş sekretarynyň we wise-prezidentiniň gutlag sözleri, şeýle hem 27-nji sentýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram etmek meseleleri orun aldy.

2026-njy ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Pilbergen şäherinde (Niderlandlar Patyşalygy) geçirilen atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna aýratyn üns berildi. Türkmenistan we türkmen ahalteke bedewleri bu çempionata ilkinji gezek gatnaşdylar.

Görkezilenlerden başga-da, gatnaşyjylara jemgyýetiň täze bölümler bilen baýlaşdyrylan web-saýty we ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýan «Şu günki türkmen ýaşlarynyň sesi — Türkmenistanyň geljeginiň sesi» atly täze taslama tanyşdyryldy. Şeýle hem 2027-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýubileý çäresine degişli taslamalar maslahatlaşyldy hem-de gatnaşyjylaryň pikirleri we teklipleri diňlenildi.