TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXI MASLAHATY BOLDY

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXI mas­la­ha­ty geç­irildi.

DTYB-nyň XXI mas­la­ha­ty­nyň işi­niň öňü­sy­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar.

Soň­ra “Me­kan” köş­gün­de mas­la­ha­tyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Oňa hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, da­şa­ry ýurt­lar­da­ky türk­men kow­çum­la­ryn­dan wekiller, DTYB-nyň to­par­la­ýyn ag­za­la­ry bo­lan sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ins­ti­tut­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, paý­tag­ty­myz­da­ky ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­den ge­len bir­le­şi­giň şah­sy ag­za­la­ry, ylym hem-de me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri, hor­mat­ly il ýa­şu­lu­la­ry, žur­na­list­ler, ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Maslahata gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gut­la­gy­ny uly üns we çäk­siz ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler.

Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­ bo­lan Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň işi ha­kyn­da­ky ha­sa­bat diň­le­nil­di. On­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä­niň 14 ýur­dun­da DTYB-nyň bö­lüm­le­ri­niň 27-si he­re­ket ed­ýär. Onuň dü­zü­min­de 300-den gow­rak to­par we ýüz­ler­çe ag­za­lar, şol san­da da­şa­ry ýurt­ly il­deş­le­ri­mi­ziň 400-e go­la­ýy bar.

Il­deş­le­ri­mi­ziň je­bis­leş­me­gi­ni üp­jün et­mek, dün­ýä­de türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­ny we me­de­ni­ýe­ti­ni, däp-des­sur­la­ry­ny, ýur­du­my­zyň bu gün ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek da­şa­ry ýurt­ly kow­çum­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mö­hüm ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek­de, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­ny we äh­lu­mu­my oňyn baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de DTYB-nyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.

Ow­ga­nys­tan­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den we Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan ge­len we­kil­ler DTYB-nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky bö­lüm­le­ri­niň işi ha­kyn­da gür­rüň ber­di­ler.

Çy­kyş eden­le­riň nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sür­ýän äh­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry we ýö­red­ýän oňyn sy­ýa­sa­ty halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge ös­dür­mä­ge hyz­mat ed­ýär.

 Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň iş­jeň­ agzalaryna Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler. Soň­ra baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bol­dy.