INTELLEKTUAL EÝEÇILIK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK NUKDAÝNAZARLARYNA BAGYŞLANAN HALKARA SEMINAR

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Seminaryň işine Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri hem-de halkara bilermenler, BIEG-iň, Oksford uniwersitetiniň hem-de Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň birinji gününde BIEG-niň soňky ýyllardaky işi, innowasion işde intellektual eýeçiligiň orny, Türkmenistanyň uniwersitetlerinde we ylmy-barlag edaralarynda intellektual eýeçilik ulgamynda syýasat bilen baglanyşykly tanyşdyryş çäreleri guraldy. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler guraldy. Şolarda bu syýasaty işläp taýýarlamagyň ýollary, sebitde intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň geçiş we ösýän ýurtlar boýunça departamentiniň direktorynyň orunbasary Jowanni Napolitano forumda çykyş edip, Türkmenistanyň sazlaşykly we elýeterli halkara ulgamyny ösdürmek boýunça halkara syýasatyna işjeň goşulyşmak bilen, döredijilik işini, innowasiýalary höweslendirýändigini hem-de jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady ösüşe saldamly goşant goşýandygyny belledi. Ol şeýle hem, ýurduň ösen ykdysadyýetini kemala getirmek innowasiýalary we degişlilikde, intellektual eýeçiligi ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip aýtdy.

10-njy oktýabrda okuw maslahatynyň çäklerinde ýurduň uniwersitetleriniň hem-de ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri bilen maslahatlaşmalar intellektual eýeçilik syýasaty ulgamynda halkara ülňülerini ulanmakda öz tejribesini paýlaşarlar.