Aşgabat şäherinde halkara media-forumy öz işini tamamlady

2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalan, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işini tamamlady.

Bu forumyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habarçylary, bilermenleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri ýygnandylar. Hususan hem, foruma gatnaşmak üçin TRT, IRNA, Euronews, The Tokio Şimbun ýaly iri halkara habarlar agentlikleriniň birnäçesiniň wekilleri Aşgabat şäherine geldiler.

Forumyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş geňeşi (ESKATO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady geňeşi (UNECE), Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), Halkara deňiz guramasy (MMO), Demirýol hyzmatdaşlyk guramasy (OSJD) we Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy (SCO) ýaly abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Plenar mejlisleriň barşynda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, infrastrukturanyň ösdürilmegi hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti ýaly meselelere garaldy. XXI asyrda ählumumy ulag strategiýasynyň umumy wezipelerini amal etmekde, döwletleriň, halkara guramalaryň hem-de maliýe we ykdysady merkezleriň arasynda özara düşünişmegi üpjün etmek boýunça wajyp gural hökmünde habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns berildi.

Media-forumyň işiniň netijeleri boýunça, oňa gatnaşyjylar Türkmen döwletiniň ulag ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekde, bu mesele boýunça giň halkara maslahatlaşmalary ýola goýmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň wajyp ähmiýetini belläp geçdiler. Halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri türkmeniň myhmansöýerligi, forumy ýokary derejede gurnandygy we onuň işiniň üstünlikli geçirilmegi üçin döreden oňyn şertleri üçin türkmen tarapyna öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.