TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GFR-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň (Parlamentiniň) Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary ösdürilmegine ygrarlygyny bildirdiler.

Şeýle hem taraplar syýasy gatnaşyklary, ykdysady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna degişli meselelerine garadylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitleýin we halkara howpsuzlygynyň ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada pikirler alşyldy.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň meselelerine seretdiler we bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetlerine aýratyn üns berdiler.