AŞGABATDA HDHHG-YŇ UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ 23-NJI SESSIÝASY GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň we Daşary işler ministrliginiň gurnamagy esasynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (HDGHGUK) 23-nji  mejlisi öz işine başlady.

Mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri, BMG-niň Ýewropa üçin daşky gurşaw maksatnamasynyň sebitleýin edarasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň,  Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeler baradaky döwlet komitetiniň işgärleri gatnaşdylar.

Sessiýanyň mejlisini açmak bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň başlygy tebigy baýlyklaryň goragy Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada aýdyp, ýurdumyzyň daşky gurşawyň üýtgemegine getirýän howply hadysalaryň öňüni almak boýunça tagallalary birleşdirmekde gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Sessiýanyň birinji mejlisini Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy ugrunda milli tagallalaryň hazirki ýagdaýy we mümkinçilikleri baradaky wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary açdy. Wekiller Hazarda dürli ugurlarda özaragatnaşyklaryň öňdebaryjy meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar. Şeýle hem, sessiýa gatnaşyjylar ozalky 22-nji HDGHGUK-yň sessiýasynyň görkezmeleriniň ýerine ýetirilmeginiň gidişiniň, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň monitoringi babatda gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra ikinji sessiýanyň dowamynda çärä gatnaşyjylar Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

31-nji oktýabrda sessiýa öz işini mejlisler görnüşinde dowam eder. Mejlisleriň dowamynda HDGHGUK-yň garamagyndaky edaralarynyň işiniň, HDGHGUK-yň halkara we hojalyk guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Sessiýa gatnaşyjylar HDGHGUK-yň 23-nji mejlisiniň jemlerini jemlemek bilen, HDGHGUK-yň 24-nji  mejlisiniň geçiriljek ýerini hem-de wagtyny belli ederler.