TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE MONGOLIÝANYŇ ILÇISI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen, Türkmenistana öz ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Luwsan Battulga (oturýan ýeri Astana) bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny gelejekde işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny bellemek bilen, taraplar syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky mejlisini gurnamak boýunça teklipleri beýan etdiler.

Şeýle hem taraplar oba hojalygy we azyk senagaty pudaklarynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanmalara jogap berýän hyzmatdaşlygy geljekde diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini belläp geçdiler.