TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞUŞDY

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Özara ynam we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulan dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meýillerini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary toplumlaýyn we yzygiderli ösdürmäge berk esas bolýan ýokary derejedäki saparlarynyň ähmiýetini bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleleriň giň toplumyna seredildi. Taraplar sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige ygrarlylygyny beýan etdiler, şol sanda halkara guramalaryň çäginde.

Taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny, şeýle hem söwda-ykdysady ulgamynda sebitleýin hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny geljekde ösdürmegiň meselelerine garadylar. Şunuň bilen birlikde taraplar iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.