ÝHHG-NYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 21-24-nji noýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary jenap Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary bilen gelmekligine garaşylýar.

Saparyň çäklerinde ÝHHG-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, Bilim ministrliginde hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda duşuşyklary bolar.

Şeýle hem ýokary derejeli myhmanyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, wekiliýet ýolbaşçysy Lamberto Zanniýer saparynyň dowamynda Daşoguz welaýatyna baryp görmekligi meýilleşdirýär.