AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTINIŇ SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär. 

Türkmenistana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Soňra Prezident Ylham Alyýew paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy. Şeýle hem ol ýerlerde belent mertebeli myhman üçin ýörite tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.