AŞGABATDA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.

Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy-diplomatik, ulag, energetika, söwda-senagat we medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň meselelerine berildi.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Dostlukly hem-de işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýa we geljek babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna üns berdiler.

Duşuşyklar tamamlanandan soňra döwlet Baştutanlary “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Bilelikdäki Beýannamasy” atly resminama gol çekdiler.

Mundan soň, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda söwda-ykdysady, senagat, ulag, gümrü k hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk babatda degişli resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.