TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşini, sebit integrasiýasyny, ÝB-nyň Merkezi Aziýa üçin strategiýasyny, şeýle hem sebit we halkara ölçeglerindäki ählumumy howplara we wehimlere garşy göreşmek baradaky meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Ýewropa Bileleşigine we Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Owganystana sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ilkinji wezipeleriň hatarynda jebisleşmegiň zerurdygy barada umumy ylalaşyga geldiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler we “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ministrleriň indiki duşuşygyny 2019-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynda geçirmek barada ylalaşdylar.

Çäräniň resmi tapgyry tamamlanandan soň, wekiliýetleriň ýolbaşçylary üçin Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerini tarapyndan iş günortanlyk nahary berildi. Onuň barşynda taraplar sebit we halkara derejesindäki, şol sanda Owganystanyň ýagdaýy baradaky wajyp meseleleriň toplumyna seretdiler we pikir alyşdylar.