AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto De Prettonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen takyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmeklik işindäki ähmiýetli wakalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar durnukly ulag boýunça ikinji Global konferensiýasyny geçirmek baradaky soraglara seretdiler.

Mundan başga-da, birleşigiň bilermenleri tarapyndan Türkmenistanda ulag pudagynyň operatorlary hem-de sürüjileri üçin okuw maksatnamalaryny döretmek we girizmek ugrundaky ýörite çäreleri bilelikde geçirmeklik işini işjeňleşdirmekligiň meseleri ara alnyp maslahatlaşyldy.