LATWIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent şäheri) jenap Mihail Popkows bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Latwiýa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli berkitmegiň zerurdygyny belledi.

Latwiýanyň Ilçisi syýasy hyzmatdaşlyk ugrundaky meselelere degip geçmek bilen, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasatynyň ornuny we möhümligini belläp, onuň sebitiň şeýle-de bütin dünýäniň howpsuzlygyny hem-de ösüşini berkitmekde aktuallygyny saklaýandygyny aýtdy.

Söwda-ykdysady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, taraplar aragatnaşygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny bellediler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde uly gyzyklanmalaryny nygtadylar.