TÜRKMEN WEKILIÝETI ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝANYŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 29-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine Energetika Hartiýasynyň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleri, halkara guramalaryň, şeýle hem iri energetika kompaniýalarynyň, jemgyýetçiligiň hem-de KHBS-ň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda global energetika ugrunda ösüşine, durnukly energetika geljeginiň goldawyna, energetika netijeliligine Energetika Hartiýasynyň ähmiýeti bellenildi, şeýle hem innowasiýa energetika tehnologiýalaryň ösüşiniň meseleleri, Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygynyň kämilleşdirilmeginiň we onuň agzalarynyň düzüminiň giňeldilmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti maslahata gatnaşyjylary çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika ugrundaky halkara başlangyçlary, ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän global energetika taslamalary bilen tanyşdyryp, maslahata işjeň gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar duşuşygyň netijeleri boýunça Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 29-njy mejlisiniň jemleri boýunça Buharest Jarnamasyny kabul etdiler.

Saparyň dowamynda, türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Daşary işler ministri j-p Teodor Meleşkanu tarapyndan kabul edildi.

Şeýle hem saparyň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-rumyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, hökümetara, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn özaragatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen syýasy geňeşmelerinde taraplar halkara gün tertibiniň öňdebaryjy meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda türkmen-rumyn hökümetara gepleşiklerini ösdürmegiň meseleleri babatda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy meseleleri, şeýle hem Gara deňiz – Hazar deňiz ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça taslamada aýratyn gyzyklanmalar bellenildi.