GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýerine ýetiriji komitetiniň – ýerine ýetiriji sekretarynyň Başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Aleksandrowiç Guminskiýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň GDA-nyň çäginde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdiler. Soňky on ýyllykda Türkmenistanyň çäginde GDA-nyň geçirýän çäreleri gurnamakda ýurdumyzyň işjeň ýardam berýändigi bellenip hem geçildi.

Mundan başga-da, wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetine ýolbaşçylyk etmegi hem-de şol ýylyň maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA ýurtlarynyň Baştutanarynyň maslahatyny gurnamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.