TÜRKMEN WEKILIÝETI WENA ŞÄHERINDÄKI «FERIEN-MESSE WIEN» ATLY SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 10–13-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän «Ferien-Messe Wien» atly syýahatçylyk sergisi boldy. Bu çäre Awstriýanyň möhüm halkara forumy bolup, onda dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman ösüşi görkezilýär.

Sergä dünýäniň 80 döwletinden 850 töweregi syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy.

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň dürli ekspozisiýalary, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary, ÝUNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklary sanawyna girizilen gadymy ýadygärlikleriň suratlary, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýeti barada eksponatlar we maglumatlar bilen tanyşdylar. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, tebigy gözel ýerleriniň şekilleri we ýurduň ösüşini beýan edýän wideo-rolikler hem-de syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi baradaky neşirler görkezildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşi baradaky maglumatlar Sergä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Şeýle hem şu ýylyň 9-njy ýanwarynda türkmen wekiliýetiniň Awstriýa saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi barada tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu dabara Awstriýanyň, Slowakiýanyň we Çehiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda gurnaldy. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi baradaky wideo-rolik görkezildi hem-de Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.