TÜRKMENISTANLY TÜRGENLERIŇ “AZIÝANYŇ ÇAGALARY” ATLY BIRINJI GYŞKY HALKARA SPORT OÝUNLARA GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 9-njy fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Sahalin oblastynyň merkezi bolan Ýužno-Sahalinsk şäherinde “Aziýanyň çagalary” atly birinji gyşky halkara sport oýunlary açyldy. Oňa 20 ýurtdan 28 topar gatnaşýar. Bu oýunlara gatnaşyjylar sportuň 8 görnüşi boýunça, ýagny biatlon, lyžhaly bäsleşmek, figuralaýyn typmak, snoubord, dag lyžha sporty, hokkeý, konkili typmak (şort-trek) we lyžhaly tramplinden bökmek ýaly görnüşler boýunça ýaryşýarlar. Gatnaşyjylaryň ýaşy 16-dan uly bolmaly däl.

Türkmen ýygyndysy hokkeý topary we figuralaýyn typmak boýunça çykyş edýär.

11-13-nji fewralda özüniň täzeleniş, tälim alyş tapgyrynda bolup we halkara ýaryşlarynda oýun tejribesini toplamak tapgyrynda bolan türkmen hokkeýçylaryndan ybarat topar “B” pogruppada erjellik bilen bäsleşdi. Bu ýaryş biziň ýaş hokkeýçylarymyz üçin, ilki bilen, şular ýaly halkara ýaryşlaryna gatnaşmak tejribesini almakda örän peýdaly boldy.  

13-nji fewralda “Aziýanyň çagalary” oýunlarynda aziýa sebitiniň dürli ýurtlaryndan 40 sany ýaş türgen gyzlar figuralaýyn typmak boýunça medallar ugrunda göreşdiler. Sportuň bu görnüşinde biziň ýurdumyzdan Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän mekdeplerinde okaýan Larisa Wahitowa we Aýna Ekeýewa çykyş etdiler. Olar gysga programmaly çykyşlaryň çäklerinde ilkinji gezek mynasyp çykyş etdiler. Figuralaýyn typmak boýunça ýaryş biziň türgenlerimiziň gatnaşmagynda dowam edýär.

Biziň ýaş türgenlerimiziň “Aziýanyň çagalary – 2019” atly birinji gyşky halkara oýunlaryndaky çykyşynyň türkmen sportuna getirjek peýdasyny artykmaç baha bermek kyn. Sportuň gyşky görnüşleri boýunça geçen bu ýaryşlarda gazanylan tejribe, biziň güneşli ýurdumyzdaky ýaryşlaryň emele gelmegi we maksada okgunly ösüşi bilen halkara sport jemgyýetçiligini haýran galdyrmagy geljekde şuňa meňzeş beýleki halkara ýaryşlarda mynasyp bäsleşmäge mümkinçilik berer.