TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň esasynda Hazarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça resminamalaryň we degişli taslamalaryň yzygiderli işlenilip düzülýändigini, şertnamala-hukuk binýadynyň kemala getirilýändigini we kämilleşdirilýändigini bellemek wajypdyr. Türkmenistanda Hazar deňzi parahatçylygyň, dostlugyň we howpsuzlygyň deňzi diýlip hasaplanylýar.

Bu mejlisiň başynda myhmanlar türkmen tarapyna gepleşikleriň guramaçylygy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hazarda hyzmatdaşlyk etmäge, onuň özboluşly biodürliliginiň goralmagyna we aýawly saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr, bu bolsa gürrüňsiz ýagdaýda sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşandyny goşar.

Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy hazarýaka döwletleriniň özara hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýändir. Mejlisiň dowamynda taraplar bu Teswirnamanyň Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda işlenilip düzülýändigini belläp geçdiler, Teswirnamanyň taslamasynyň ylalaşylmagynyň tamamlanmagy bolsa nobatdaky duşuşygyň esasy maksady bolup durýandyr. Gepleşikleriň gatnaşyjylary şeýle hem taslamanyň üstünlikli işlenilip düzülmeginiň onuň ýokary derejeliliginiň görkezijisi bolup durýandygyny belläp geçdiler we bu öz nobatynda Bäşinji Hazar Sammitiniň Beýannamasynda hem öz beýanyny tapandyr.

Ertir Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň mejlisi öz işini dowam eder.