ÖZBEGISTANYŇ MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA

2019-njy ýylyň 24-25-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi.

Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Döwlet haryt-çig mal biržasynda duşuşyklarda boldy, olaryň barşynda söwda, maýa goýum we haryt dolanşygy ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň wekiliýeti saparynyň çäklerinde şeýle hem «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernlerinde duşuşyklary geçirdi we olaryň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.