«HAZAR DEŇZI - DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ» ATLY ÝEDINJI OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 4-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş edýärler.

Awaza okuw maslahatyna, Hazarýaka döwletleriň nebit-gaz toplumynyň, daşary syýasat edaralarynyň, tebigaty goraýyş guramalarynyň, ulag ulgamynyň, balyk awlaýjy edaralaryň, gidrometeorologiýa gulluklaryň we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşýarlar.

Halkara ummanlar institutynyň ýolbaşçysy Antonella Bassallo we geografiýa ylymlarynyň doktory, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiki toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň geňeşçisi Ýuriý Olýuniň bu okuw maslahatynyň hormatly myhmanlary boldular.

Häzirki okuw maslahaty ummany dolandyryş düzümi, suw serişdelerinden durnukly dolandyrmak üçin maliýe gurallary, umman bilen aragatnaşyklary dolandyryş gurallary we Hazar deňzini dolandyryş ýaly dört ugurdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aktauda geçirilen sammitde çykyş edip: «Häzirki wagtda Hazarda alnyp barylýan ähli ykdysady işler ylma berk esaslandyrylmalydyr, bolup geçýän tebigy we antropogen hadysalara monitoring we çaklamak ulgamyna bitewi çemeleşilmegine daýanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy işläp taýýarlamak maksada laýyk bolar» diýip belledi.

Türkmen Lideriniň bu başlangyjy bilen baglylykda 15-nji marta çenli dowam etjek okuw maslahatynyň şu ýylky maksatnamasynda deňiz ylmy-barlaglary ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berler.

«Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahatynyň çäklerinde diňleýjilere medeni maksatnama we Hazar goraghanasyna baryp görmek teklip ediler.