ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Filipp Ştalder bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi.

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi, gyzgyn kabul edileni üçin minnetdarlygyny bildirip, iki ýurduň global ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda işjeň özara gatnaşyklary belledi. Şeýle hem, j-p Ilçi hemişeki ünsüne hem-de diplomatik işinde goldaw berendikleri üçin türkmen tarapyna öz minnetdarlygyny aýtdy.

Şeýle hem, Şweýsariýanyň Ilçisi türkmen tarapyna adam hukuklary ugrunda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandyklary üçin sag bolsun aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalarynyň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlyk hem bellenip geçildi.

Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça degişli meselelere seretdiler. Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň meselelerine hem ikitaraplaýyn, hem-de sebitleýin derejelerde işjeň gatnaşýandygy aýratyn bellenilip geçildi.