BANGKOKDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA 6-NJY AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda Durnukly ösüş boýunça 6-njy Aziýa-Ýuwaş umman forumy öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forumyň gurnaýjysy bolup, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (UNESCAP) çykyş etdi.

Üç gün dowam edýän her ýylky foruma ýokary derejeli hökümet agzalary, hususy sektoryň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşmaga geldiler. Şeýle-de bu forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Forumyň açylyşynda giriş sözi bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Mohammed çykyş etdi. Ol öz çykyşynda “Aziýa Ýuwaş Umman sebiti ösen ykdysadyýetli döwletlerden ada döwletlere çenli onlarça ýurtlary we territoriýalary birleşdirmek bilen,  planetmazyň mikrokosmy bolup durýar” we “Ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerine we tehnologiýanyň ösüşine garamazdan, deňsizlik sebitdäki Durnukly ösüşiň maksatlarynyň ýerine ýetiriliş tizligini togtadýar” diýip belledi.

Gatnaşyjylar Durnukly ösüşiň şu maksatlarynyň ýerine ýetirilişine serederler, ýagny: dördünji (ýokary hilli bilim), sekizinji (mynasyp işleri üpjün etmek we ykdysady ösüş), onunjy (deňsizlige garşy göreş), on üçünji (howanyň üýtgemegine garşy göreş), on altynjy ( parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli edaralar), on ýedinji (durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk).

Maslahaty netijeleri iýul aýynda geçiriljek ýokary derejeli Syýasy forumyň ara alyp maslahatlaşmalarynyň düýbüni tutar. Esasy maksat – tejribe alyşmak, «wagty deňleşdirmek», haýsy çemeleşmeleriň netijelidigini, haýsylaryna bolsa gaýtadan seretmelidigine düşünmek.

Forumyň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekligiň prosesslerini yzarlamak üçin täze ýokary tehnologiki instrumenti işe girizdiler. Bu interaktiw seljerme kartasy dürli ýurtlardaky hem-de subregional derejedäki üstünlikleri görkezýär.